UzAuto Motors özbek kompaniýasy Azerbaýjanda Chevrolet awtoulaglaryny çykaryp başlady

UzAuto Motors özbek kompaniýasy Azerbaýjanda Chevrolet awtoulaglaryny çykaryp başlady

UzAuto Motors (Özbegistan) kompaniýasy Gajigabul azerbaýjan şäherinde Chevrolet kysymly awtoulaglary toplap çykaryp başlady. Sentýabr aýynda Chevrolet Nexia we Cobalt ulaglary toplanyp başlan bu kärhanada Damas, Labo, Lacetti, Tracker we Malibu ýaly modeller hem öndürilip başlanar diýip, Sputnik Özbegistan habar berýär.

Bellenilişi ýaly, öndürilýän ulaglaryň ählisi General Motors kompaniýasy tarapyndan kesgitlenen dünýä ülňülerine laýyk gelýär.

«Bu ugurda indiki ädim Azerbaýjanda Chevrolet-iň geljegi uly täze modelleriniň sanyny artdyrmak, şeýle hem ýakyn ýyllarda önümçiligiň gerimini giňeltmek bolup durýar» — diýip, UzAuto Motors belleýär.

Geljek ýylda kompaniýa önümçiligini ýylda 5 müň awtomobile çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Özbek awtomobil senagatynyň önümleri öňki sowet giňişliginde uly islegden peýdalanýar. Şeýlelikde, UzAuto Motors-da öndürilen awtoulaglar ýakynda Gazagystanda iň geçginli awtoulaglar bolmagy başardy.
Ýakynda kompaniýa Chevrolet-iň dört modeli bilen Täjigistanyň bazaryna hem çykdy.