“Pari Sen-Žermen” 100 mln ýewro oýunçylaryny satmaga borçly edildi

  • 28.12.2021 16:45
  • 11k+

“Pari Sen-Žermen” 100 mln ýewro futbolçylaryny satmaly. Bu barada “L'Équipe” habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Ýagny, fransuz klubunyň maliýe feýr-pleýine laýyk gelmeýändigi we indiki iki transfer penjiresinde satuw amala aşyrmaga borçludygy habar berilýär. 

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, eger muny “PSŽ” 2022-nji ýylyň tomsuna çenli edip bilmese, onda klubuň eýesi defisitiň üstüni ýetirmeli bolar.
Paýtagt kluby golkiper Serhio Rikony, goragçylar Lewen Kurzawany, Tilo Kereri, Abdu Diallony, ýarym goragçylar Rafinýany, Ýulian Draksleri, şeýle-de argentinaly hüjümçi Mauro Ikardini satyp biler. 
“PSŽ” 19 oýundan soň 46 utuk bilen Fransiýanyň çempionatynyň turnir jedwelinde birinji orny eýeleýär. 


düýn 23:17
927

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň tapgyrynyň netijeleri

Penşenbe güni agşam we anna gününe geçilen gije Ýewropa ligasynyň bäşinji tapgyrynyň we Konferensiýa ligasynyň dördünji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Ýewropa ligasynyň ýaryş jedwelinde fransuz «Liony» birinji orny eýeledi...

27.11.2025 12:45
10k+

Çempionlar ligasy: “Arsenal” “Bawariýany” utdy, Mbappe poker etdi we beýleki garaşylmadyk netijeler

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň jemleýji oýunlary ýokary netijeliligi görkezdi – oýun gününiň dokuz oýnunda futbolçylar jemi 42 gol geçirdi. Tapgyryň merkezi oýnunda “Arsenal” Mýunheniň “Bawariýasyny” 3:1 hasabynda utdy...

26.11.2025 12:52
7.6k+

Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyry: “Çelsi” “Barselonany” utdy, “ManSiti” “Baýerden” utuldy

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäşinji oýunlary geçirildi. Olardan ikisi garaşylmadyk netije bilen tamamlandy: “Çelsi” “Barselonanyň” derwezesine jogapsyz üç gol geçirdi, “Mançester Siti” bolsa öýünde Lewerkuzeniň “Baýerinden” utuldy...

25.11.2025 13:54
4.6k+

Angliýanyň Premýer-ligasynyň klublary zähmet hakyna çäk girizilmegine garşy çykdylar

Angliýanyň Premýer-ligasynyň futbol klublary zähmet haklaryna çäk girizmek baradaky teklibi ret edip, häzirki girdejililik we durnuklylyk düzgünlerini (PSR) çalyşjak täze maliýe düzgünnamasyny tassyklady. Bu barada The Times gazeti habar berdi...