2021-nji ýylda Türkmenistanda 13 milliard manatlyk 73 desga ulanmaga berildi

  • 28.12.2021 16:41
  • 7.1k+

Türkmenistanda şu ýyl meýilleşdirilen 30 sany iri desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 iri desga ulanmaga berildi. Bu barada Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň jemleýji bilelikdäki mejlisinde türkmen Lideri habar berdi.

Bellenilişi ýaly, işe girizilen iri desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky Hökümet münberiniň toplumy, Söwda merkezi we iki sany ýedi ýyldyzly myhmanhana, Ahal welaýatyndaky iki sany iri dokma toplumy we ýokary tizlikli awtomobil ýoly bar. Şeýle hem olaryň hatarynda Balkan welaýatyndaky iri suw howdanyny hem-de birnäçe hassahanany, Daşoguz we beýleki welaýatlarda haly fabriginiňdir “Türkmeniň ak öýi” binalaryny, “Türkmeniň alabaý itleri” desgalar toplumlaryny görkezmek bolar.

Bu aýdylanlara Lebap welaýatyndaky Kerki Halkara howa menzilini, iri elektrik we gaz basyş stansiýalaryny, Mary welaýatyndaky plastmassa turbalaryny öndürýän zawody hem mysal hökmünde agzap bileris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu ýyl Akina — Andhoý stansiýalarynyň arasynda 30 kilometrlik demir ýol ulgamy, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy işe girizildi.

Mundan başga-da, häzirki wagtda umumy şertnama bahasy 36 milliard dollara golaý bolan iki ýarym müňden hem köp önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.


düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......