Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänlere Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy

  • 28.12.2021 12:36
  • 8.9k+

27-nji dekabrda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara türkmen Lideriniň sowgatlary gowşuryldy.

Bu ýere çagalary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlamak üçin Aýazbaba we Garpamyk, sungat ussatlary, bilim ulgamynyň wekilleri geldiler. “Joşgun” tans topary myhmanlary ruhubelent çykyşlary bilen garşylady. Köşkde terbiýelenilýänlere Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar aýdyldy hem-de ýurdumyzda öndürilýän dokma önümlerinden, gyş we sport lybaslarynyň toplumlaryndan, gyzjagazlar üçin milli nagyşlar bilen bezelen köýneklerden, süýji-kökelerden ybarat bolan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Bu ýerde terbiýelenilýänleriň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary — belli aýdymçylar çykyş etdiler.

Şu günki baýramçylyk dabarasy köp sanly Täze ýyl çäreleriniň başyny başlady. 28-nji dekabrda bu ýere Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalary gutlamak üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we medeniýet ulgamynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň wekilleri gelerler, olar hem çagalar üçin sowgatlary taýýarlapdyrlar.


düýn 18:47
1.3k+

Ýaş türkmen zehinleri TÜRKSOÝ-yň geçiren bäsleşiklerde baýraklary orunlary aldylar

Ýakynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen çagalaryň halkara döredijilik festiwaly geçirildi. Çagalaryň döredijilik festiwalyna ýurdumyzdan hem ýaş zehinler gatnaşdylar...

düýn 15:03
1.6k+

Aşgabatda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär

22-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam etdi. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralmagy däbe öwrülen ýöriteleşdirilen...

21.08.2025 08:20
2.6k+

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

20-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňijiler yglan edilip, sylaglar gowşuryldy...

21.08.2025 08:14
2.6k+

Aşgabatda «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy badalga alýar: Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşyjylary gutlady

Şu gün, 21-nji awgustda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary gutlady...