Serdar Berdimuhamedowyň welaýatlara saparlarynyň jemleri: täze teklipler hödürlenildi

  • 25.12.2021 16:42
  • 40k+

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Ol welaýatlara bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iş saparynyň dowamynda önümleriň bolçulygy, harytlaryň köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleler bilen bagly ýagdaýlar öwrenildi. Önüm öndürijiler, söwda ulgamynyň işgärleri, telekeçilerdir ýönekeý alyjylar we ýerli ilatyň wekilleri bilen duşuşylyp, söhbetdeş bolundy. Ýokarda agzalan maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi seljerilip, welaýat häkimliklerinde degişli maslahatlar geçirildi. Wise-premýer bazarlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň däl-de, özümizde öndürilen önümleriň artykmaçlyk edýändigini aýratyn belledi. Ilatymyza häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň öndüren towuk, goýun, sygyr etleri we et önümleri, balyk, tüwi, un, ýag, şeker önümleri, ýurdumyzda ýetişdirilen banan, mandarin, hurma, limon, apelsin ýaly sitrus miweleri bilen bilelikde, alma, armyt, şetdaly, garaly, üzüm ýaly miweler, gawun, garpyz, ýeralma ýaly ýokary hilli harytlar hödürlenýär.

Şeýle hem wise-premýer Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmak üçin birnäçe teklipleri beýan etdi. Hususan-da, ilaty özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmegi kämilleşdirmek, daşary ýurtlara eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak, önüm bolçulygy, haryt köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleleri hemişelik gözegçilikde saklamak, önüm öndürijileri höweslendirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has giňden ornaşdyrmagyň hasabyna söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, amatly bahalardan we tiz hyzmatlary ýola goýmak ýaly işleri geçirmek teklip edilýär. Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz boýunça edaralarda, kärhanalarda we guramalarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň zähmet haklaryny şu ýylyň 15-nji dekabryndan 25-nji dekabry aralygynda doly bermek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, bu ugurda zerur işleriň geçirilendigini aýtdy.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......