Глава ФИФА Инфантино предложил новую схему распределения доходов в футболе

  • 22.12.2021 16:03
  • 7.4k+

Dünýä futbolynda girdejini paýlamagyň täze shemasy Ýewropa we beýleki assosiasiýalaryň arasynda maliýe serişdeleriniň 60/40% gatnaşygynda paýlanmagyny göz öňünde tutýar. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino žurnalistlere aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Bu pikir FIFA-nyň sammitinde öňe sürüldi. Federasiýa halkara oýunlaryň senenamasyna täzeden garamak pikirini gözden geçirýär, oňa laýyklykda dünýä çempionaty dört ýyldan bir gezek däl-de, iki ýyldan bir gezek geçiriler.

“Biziň size hödürlejek gözlegimizde Ýewropa assosiasiýalarynyň girdejiniň 70%-ini, dünýäniň galan böleginiň bolsa 30%-ini alandygyny görersiňiz. Biz 60/40% gatnaşygyndaky girdejini 60% öňki 70%-den ýokary bolar ýaly ýagdaýda paýlamagy teklip edýäris” – diýip, Infantino aýtdy.

“Tejribe halkara senenamasyny has çeýe edip bolýandygyny görkezdi. Her ýyl halkara futbol ýaryşlaryny geçirip bolar, şonda has köp pul maýa goýlup bilner. Her kim oýnamak we köp girdeji almak üçin goşmaça mümkinçilige eýe bolar” – diýip, Infantino dünýä çempionatyny iki ýyldan bir gezek geçirmek mümkinçiligi barada gürrüň etmek bilen belledi.

FIFA-nyň global ösüş bölüminiň başlygy Arsen Wenger dünýä çempionatyny iki ýyldan bir gezek geçirmegiň ähli taraplar üçin bähbitli boljakdygyny aýtdy. “Gözlegler ykdysady nukdaýnazardan hiç hili meseläniň bolmajakdygyny we “pirogyň” uly boljakdygy sebäpli hemmeleriň peýda gazanjakdygyny görkezdi. Biz bir aýda ähli saýlama oýunlaryny oýnamak islemeýän Ýewropa toparlarynyň belliklerini göz öňünde tutduk” – diýip, ol belledi.


вчера 22:18
2.8k+

Футбольный матч в Венгрии завершился со счётом 1:50

В рамках юношеской региональной лиги в Венгрии состоялся матч, который больше напоминает статистический парадокс, чем спортивное событие. Встреча между командой из Кишкунхалаша и «Чолиоспалосом» завершилась со......

04.04.2026 11:00
5.8k+

Дьёкереш оформил товарный знак на свое фирменное празднование гола

Шведский нападающий Виктор Дьёкереш зарегистрировал товарный знак на своё фирменное празднование голов с жестом «маски». Об этом сообщил журналист Фабрицио Романо....

03.04.2026 23:07
3.8k+

Гаттузо покинул пост главного тренера сборной Италии

Сборная Италии объявила об уходе Дженнаро Гаттузо с поста главного тренера. Решение принято после поражения в финальном стыковом матче за право сыграть на чемпионате мира 2026 года....

03.04.2026 20:48
10k+

Месси, Роналду, Винисиус и Мбаппе стали героями новой коллекции LEGO к ЧМ-2026

Звезды футбола – Лионель Месси, Криштиану Роналду, Килиан Мбаппе и Винисиус Жуниор снялись в рекламном ролике, приуроченном к чемпионату мира 2026 года....