Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 21.12.2021 08:32
  • 8k+

20-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda söwda, oba hojalygy we daşky gurşawyň goragy, bilim we ylym, maglumat we tehnologik alyş-çalyş, şonuň ýaly-da ileri tutulýan beýleki ugurlardaky özara hereketleriň has hem giňeldilmegine gyzyklanma bildirildi.

Ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly halkara we sebit derejesindäki awtoulag, demir ýol hem-de deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi.


düýn 23:15
1.4k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....