Arap dili geljekde FIFA-nyň resmi dilleriniň hataryna goşulyp biler

  • 21.12.2021 20:08
  • 3.6k+

Arap dili geljekde bäşinji dil hökmünde FIFA-nyň resmi dilleriniň hataryna goşulyp biler. Bu barada guramanyň resmi web sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Häzirki wagtda FIFA-da dört sany dil - iňlis, fransuz, nemes we ispan dilleri resmi taýdan ulanylýar.

"Bu gün BMG-de arap diliniň bütindünýä güni we Katarda geçirilen ilkinji Arap Milletleriniň Kubogynyň iň aýgytlaýjy pursaty. Diňe bir arap dilli 20 ýurtda ýaşaýan 450 million adamyň däl, eýsem dünýä ýüzündäki millionlarça araplaryň hem gürleýän arap diliniň ähmiýetini ykrar etmegiň nyşany hökmünde, FIFA-nyň prezidenti (Janni Infantino) arap dilini FIFA-nyň resmi diline öwürmegi teklip eder. FIFA-nyň prezidentiniň teklibi Kataryň, Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň gyzyklanýan taraplary bilen uzak möhletleýin çekişmelerden gelip çykýar we Arap Milletleriniň Kubogynyň tamamlanmagyna gabat gelýär - diýip, guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......