Iki gezek dünýä çempiony Ronaldo «Kruzeýro» futbol klubyny satyn alar

  • 19.12.2021 23:33
  • 13k+

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Ronaldo «Kruzeýro» futbol klubyny satyn alýar. Geljekki şertnama barada «Kruzeýronyň» prezidenti Seržiu Rodriges tarapyndan Instagram-da göni ýaýlymda yglan edildi. Bu barada Day.Az habar berýär.

«Kruzeýro» Ronaldonyň karýerasynda ilkinji professional klub boldy. Ol bu toparda 1993-1994-nji ýyllarda çykyş etdi, soňra Niderlandlaryň «PSV» klubyna geçdi. 

“Men “Kruzeýro” köp zatda borçly. Men onuň mynasyp orny eýelemegini isleýärin. Öňde edilmeli işler köp, heniz baýram edip bellemeli zat ýok, ýöne biziň isleglerimiz uly” – diýip, Ronaldo aýtdy we klubyň janköýerlerini münberlere dolanyp, topary goldamaga çagyrdy.

Häzirki wagtda “Kruzeýro” kyn günleri başdan geçirýär: topar bassyr üçünji ýyl ýokary liga dolanyp bilenok, toplanan karz möçberi bolsa, takmynan, 660 mln reala (115 mln dollardan gowrak) barabar. “Kruzeýronyň” häzirki prezidentiniň belleýşi ýaly, toparyň ýetişdiren oýunçysy klubyň mažoritar paýdary bolar. Ronaldo Ispaniýanyň “Walýadolid” kluby hem degişlidir. 

Ronaldo Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek dünýä çempiony (1994, 2002) boldy. Ol Ispaniýanyň “Barselona” (1996-1997), Italiýanyň “Inter” (1997-2002), Ispaniýanyň “Real” (2002-2007), Italiýanyň “Milan” (2007-2008) we Braziliýanyň “Korintians” (2009-2011) klubynda oýnady. Iki gezek ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän baýragyň – “Altyn topuň” eýesi boldy (1997, 2002).


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......