21-nji dekabrda Arkalaşygyň ştab-kwartirasynda GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler

  • 19.12.2021 19:43
  • 4.4k+

2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşygyň agza döwletleriniň Arkalaşygyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu barada cis.minsk.by habar berýär.

Hemişelik wekilleriň geňeşiniň agzalary ýedi meselä garamagy göz öňünde tutýarlar. Şolaryň arasynda Belarus Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygynyň netijelerini jemlemek, 2021-nji ýylda GDA-nyň mundak beýläk-de ösdürilmegi üçin Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bar.

Hemişelik doly ygtyýarly wekiller GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Duşanbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky mejlisiniň gün tertibine teklipleri taýýarlamak meselesine hem serederler.  

Mundan başga-da, mejlisde Arkalaşygyň agza döwletleriniň Arkalaşygyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň alyp barýan işleriniň netijeleri we GDA-ny ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri göz öňünde tutup, onuň 2022-nji ýyldaky iş meýilnamasy üçin teklipler barada gürrüň ediler.


11.10.2025 17:48
3.5k+

Sergeý Lebedew GDA-nyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlandy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň çözgüdi bilen bu wezipä ýene üç ýyl möhlet bilen bellendi diýip, TASS habar berýär. “Dar görnüşde geçirilen mejlisde...

10.10.2025 18:25
13k+

2026-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistan başlyklyk eder

Şu gün, 10-njy oktýabrda Täjigistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine görä, sammite gatnaşyjylar 20 sany meseläni ara alyp maslahatlaşdylar...

10.10.2025 18:16
6.7k+

Serdar Berdimuhamedow Duşenbede GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Şu gün — 10-njy oktýabrda Duşenbedäki «Kasri Millat» köşgünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sammitiň işine Arkalaşyga girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle-de GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy...

09.10.2025 15:13
6.3k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» Sammitine we GDA-nyň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana bardy

9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» ikinji Sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň  döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Täjigistana bardy...