Honor täze smartfonlarynyň hormatyna hoşboý ysly atyrlary çykardy

  • 19.12.2021 09:48
  • 6.4k+

Honor smartfon öndürijisi ​​Honor 50 smartfon tapgyrynyň mahabat kampaniýasynyň çäginde döredilen atyrlar üçin utuş yglan etdi. Bu barada Honoryň beýanatyna salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Yglan edilen utuşda Honor 50 tapgyrynyň smartfonlaryny satyn alanlar şol smartfona laýyk gelýän hoşboý ysly diffuzorlary gazanyp bilerler. Aksiýa 2021-nji ýylyň 16-njy dekabryndan 23-nji dekabry aralygynda dowam eder.

Aksiýa “Honor 50 - meniň Täze ýyl ýatlamalarym” diýlip atlandyrylýar. Oňa gatnaşmak üçin kompaniýanyň VK, Instagram ýa-da TikTok sosial ulgamlaryndaky resmi sahypasyna ýazylmaly. Ýeňijini emin agzalary saýlarlar. Ol Honor 50 smartfonyny, öz ys-ýady ýazylan diffuzory we kolleksiýadan bir diffuzory alar. Ikinji baýrakly ornuň eýesi hem şeýdip saýlanar. 3-nji ýeri aksiýa gatnaşan 40 adam eýeläp biler, olar tötänleýin saýlanarlar we sowgat hökmünde Honor-yň diffuzoryny alarlar. Netijeler 27-nji dekabra çenli yglan ediler.

şu gün 12:00
770

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
4.2k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1.4k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
1.3k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......