New Shepard gämisi kosmosa üçünji uçuşyny amala aşyrdy

New Shepard gämisi kosmosa üçünji uçuşyny amala aşyrdy

Milliarder Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy kosmos syýahatçylary bilen New Shepard suborbital kosmiki gämisiniň üçünji uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada kompaniýa salgylanyp, www.vokrugsveta.ru habar berdi.

Öňki iki uçuşda kompaniýa dört adamdan ybarat ekipažy uçuran bolsa, bu gezek New Shepard-yň bortuna alty adam mündürildi. Ekipažyň düzümine ilkinji amerikan astronawty Alan Şepardyň uly gyzy Lora Şepard, "Ertiriň haýyrly, Amerika" telewizion gepleşiginiň alyp baryjysy Maýkl Streýhen, maýadar Ewan Dik, Bess Ventures kompaniýasynyň esaslandyryjysy Leýn Bess we onuň ogly Kameron, şeýle hem maýadar Dilan Teýlor dagylar girdi. Olardan Lora Şepard bilen Streýhen uçuşy mugt amala aşyrdylar, galanlary bolsa kosmos bileti üçin tölemeli boldular.

Ýatlap geçsek, 20-nji iýulda bortunda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos bolan New Shepard gämisi ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy. Uçuş on bir minut dowam etdi. Bezosdan öň suborbital uçuşy bortunda Virgin Galactic kompaniýasynyň esaslandyryjysy milliarder Riçard Brenson bolan Unity-22 gämisi amala aşyrypdy.