Gyş paslynda hurmanyň peýdaly taraplary

Gyş paslynda hurmanyň peýdaly taraplary

Gyş, esasan, witamin ýetmezçiligi sebäpli bedeniň birneme gowşaýan döwrüdir. Bu döwürde hurma adam üçin has-da peýdaly bolup biler diýip, ferra.ru ýazýar.

Karelýanyň Jemgyýetçilik saglygy merkeziniň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, bu önümiň düzüminde A, C we P witaminleri bar. Olar immuniteti ýokarlandyrmaga we bedeniň umumy ýagdaýyna oňyn täsir edip biler.
Witaminleriň bu topary deriniň has çeýe we berk bolmagyna kömek edýär. Şeýle hem hurma düzüminde kaliý bardygy sebäpli ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler üçin hem peýdaly önüm bolup biler.
Mundan başga-da, hurma kuwwatlandyryjy önüm hem hasaplanýar. Ol ýadawlygy çalt aýyrýar, nerw ulgamyny köşeşdirýär we onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.