YHG-nyň Baş sekretary türkmen Liderine hat ýollady

  • 10.12.2021 10:16
  • 5.7k+

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň adyndan türkmen Liderine hat gelip gowuşdy. Onda guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetini Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň we onuň öň ýanynda YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

«Bu forumlaryň netijeleriniň peýdaly hem-de YHG sebitinde işjeň goşulyşmak üçin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen umumy maksatlarymyza ýetmegiň ýolunda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn» diýlip hatda beýan edilýär.  

Ýeri gelende ýatlasak, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammiti, gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi hem-de işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda guraldy. Sammitiň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygyna gol çekildi.


şu gün 14:29
973

DIM-niň HGI-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy...

şu gün 14:01
721

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girdi

7-nji dekabrda şäher häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada çözgüt 4-nji dekabrda kabul edildi...

şu gün 13:52
1.7k+

Serdar Berdimuhamedow Hökümet ýolbaşçylaryny we diplomatlary ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny...

şu gün 13:36
2.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi...