Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy

  • 08.12.2021 17:38
  • 5.4k+

Olaf Şols Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze kansleri boldy. Ol bu wezipä bundestagyň mejlisiniň dowamynda saýlandy diýip, Reýter agentligi habar berýär.

Şols bu wezipede Germaniýanyň Hökümetine soňky 16 ýyl ýolbaşçylyk eden Angela Merkeli çalşyrar.
Şols öz peýdasyna 395 ses aldy, oňa garşy 303 ses berildi. Bundestagyň ýolbaşçysy Berbel Bas, düzgüne laýyklykda, sosial-demokratlaryň wekili bolan Şolsdan ses berlişigiň netijesi bilen ylalaşýandygyny sorady. Şols tassyklap jogap berdi. Kadadan çykma hökmünde Bas deputatlara surata düşürmek üçin mobil telefonlary ulanmaga rugsat berdi.

Şols täze wezipesinde kasam kabul etdi. Aşgabat wagty bilen 19:00-da Angela Merkelden wezipe borçlaryny geçirmek dabarasy bolar.
Germaniýanyň täze Ministrler Kabinetine Sosial-demokratik partiýasy, «ýaşyllar» we Erkin demokratik partiýa girer. Hökümetiň birinji mejlisi şu agşamyň dowamynda geçiriler. Täze Hökümetde DIM-niň ýolbaşçysy Annalena Berbok bolar, ykdysadyýet we klimat işleri boýunça edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem wise-kansler — Robert Habek bolar. Maliýe ministri Kristian Lindner, Goranmak ministri Kristina Lambreht bolar.


11.09.2025 20:36
4.5k+

Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Maýnz şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew Reýnland-Pfalz federal sebitiniň paýtagty Maýnz şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Konsul saparyň barşynda sebitiň esasy wekilleri, şol sanda Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçilik ministrliginiň Döwlet sekretary Petra Dik-Walter we Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi...

11.09.2025 20:26
2.4k+

Oktýabryň ahyrynda Germaniýada Türkmen ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabrynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçiriler. Çäre Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär...

09.05.2025 10:41
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Fridrih Mersi Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fridrih Merse Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär...

07.05.2025 14:01
2.9k+

Bundestag ikinji synanyşykda Fridrih Mersi Germaniýanyň kansleri saýlady

Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşikleriniň (HDB/HSB) blogunyň lideri Fridrih Mers resmi taýdan Germaniýanyň kansleri boldy. 6-njy maýda Bundestag ikinji synanyşykda onuň dalaşgärligini tassyklady diýip, Deutsche Welle habar berýär...