NASA Aýa uçurmak üçin 10 adamy saýlady

  • 08.12.2021 12:53
  • 5.4k+

NASA Aýa uçmaga taýýarlamak üçin on sany astronawty saýlady. Olaryň altysy erkek we dördüsi zenan maşgala diýip, The Verge habar berdi. Muny ferra.ru ýetirdi.

Geljekki astronawtlar 12 müňden gowrak adamyň arasyndan saýlanylyp alyndy. Bu on adam indi, aýdylyşy ýaly, "Artemida" (Artemis Generation) nesliniň bir bölegi bolup durýarlar. "Artemida" ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we Aýa adam ibermek üçin niýetlenen kosmos maksatnamasydyr. Onuň çäginde amerikalylar ilkinji zenan maşgalany we ilkinji garaýagyz adamy Ýeriň emeli hemrasyna ibermek isleýärler. Uçuş senesi eýýäm 2025-nji ýyla meýilleşdirildi.
Saýlanyp alnan on adam Lindon Jonson kosmos merkezinde iki ýyl tälim alarlar. Tälim T-38 reaktiw uçarlarynda uçmagy, robotlar bilen işleşmegi we başgalary öz içine alýar. Eger-de hemme zat ugruna bolsa, olar doly hukukly astronawt bolup bilerler.


30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

10.04.2026 10:44
3.9k+

Hindistan kosmonawtlaryny Gimalaý daglarynda synagdan geçirýär

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....

19.03.2026 11:12
9.5k+

Ogayo ştatynyň asmanynda 250 tonna trotil güýjündäki meteorit ýaryldy

Amerikanyň Ogayo ştatynyň asmanynda äpet meteorit ýaryldy. Ýarylyşyň güýji takmynan 250 tonna trotil ekwiwalentine deň boldy. Bu barada NBC News teleýaýlymy ABŞ-nyň Aeronaawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryşyna (NASA) salgylanyp habar berýär...