Türkmen Lideri Sadyr Žaparowy 53 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

  • 07.12.2021 23:12
  • 6.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy dekabrda 53 ýaşyny dolduran Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli Gutlag hatyny iberdi. Bu barada ýurduň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

 Türkmen Lideri öz hatynda: «Siziň baştutanlygyňyzda Gyrgyzystan ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar we durmuşyň ähli ugurlarynda köp sanly özgertmeleri amala aşyrýar. Türkmenistan Gyrgyz Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýär. Däp bolan doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna pugta ynanýaryn» diýip bellemek bilen, gyrgyzystanly kärdeşine berk jan saglygy, uzak ömür we abadançylyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanan Sadyr Žaparow şu ýylyň dowamynda 3 gezek Türkmenistanda saparda bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Hususan-da, dostlukly ýurduň Baştutany 27-28-nji iýunda Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy. Ol 6-njy awgustda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyna we 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitine hem gatnaşdy. 


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......