Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe hukuk namalarynyň taslamalaryny kabul etdi

  • 06.12.2021 10:48
  • 11k+

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi. Onda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Maslahata birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlaryň garamagyna “Durmuş hyzmatlary hakynda”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda”, “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Kanunlaryň hem-de hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi.

Deputatlar aýry-aýry adamlara durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän “Durmuş hyzmatlary hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşanlarynda, türkmen Lideriniň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän uly çärelere ünsi çekdiler. Şol syýasatyň baş maksady mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.“Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda” Kanunyň taslamasy ara alyp maslahatlaşylanda hem gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Soňra “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi. 

Şeýle hem “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.


düýn 10:36
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Mejlisiň......

31.03.2026 20:39
2k+

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu......

28.03.2026 10:03
1.3k+

Aşgabatda gender deňligi we parlamentara dialogy boýunça maslahat geçirildi

26-njy martda Aşgabatda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn......

26.03.2026 17:04
3.9k+

Aşgabatda gender deňligi meselesi boýunça Parlamentara dialogy başlandy

26-njy martda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) tarapyndan guralan «Gender deňligini ilerletmek: gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmekde......