Täze ýyl arçalarynyň bezeglerine aýratyn üns berilmeli

  • 04.12.2021 17:44
  • 25k+

Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimlerine hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanynda Täze ýylyň hormatyna guraljak dabaralarda bagtyýar çagalygyň we nurana arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň şu günki ýeten derejesiniň, halkymyzyň eşretli durmuşynyň we ösüp gelýän ýaş nesiller hakynda edilýän aladanyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri ýurdumyzyň baş şäherinde Täze ýyla taýýarlyk we bezeg işleriniň alnyp barlyşy, halkymyzyň agzybirliginiň we bagtyýar durmuşynyň nyşany bolan “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňünde oturdyljak Täze ýyl arçalarynyň bezegleri, yşyklandyryş ulgamy, meýdançalaryň abadanlaşdyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklary barada hasabatlary berdiler.

Bellenilişi ýaly, maşgala bolup garşylanylýan Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralar şatlyk-şowhuna, ulular üçin bolşy ýaly, körpe nesiller üçin hem ýatda galyjy pursatlara beslenmelidir.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......