Sadyr Japarow iş sapary bilen Türkmenistana geldi

  • 28.11.2021 15:40
  • 4.7k+

28-nji noýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Saparyň dowamynda Sadyr Japarow türkmen paýtagtynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar.
Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüş meseleleri, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşylar.


şu gün 12:42
6.1k+

2025-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanda 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi...

şu gün 12:34
2.3k+

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Degişli resminama 11-nji iýulda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekildi...

şu gün 12:24
2.3k+

19-nji iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

19-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar...

şu gün 10:18
9.1k+

Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini çalyşdy

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Maksat Kowusowiç Annanepesow Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly...