Berdimuhamedow täjik Prezidenti Emomali Rahmony kabul etdi

Berdimuhamedow täjik Prezidenti Emomali Rahmony kabul etdi

27-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana iş sapary başlandy. Saparyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Baştutany şu gün, 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV duşuşygyna gatnaşar.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany resmi garşy almak çäresinden soňra, bu ýerde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň söhbetdeşligi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.