ABŞ-da bir orunlyk uçýan gap synag ediler

  • 26.11.2021 19:30
  • 11k+

Amerikanyň Zeva Aero startapy uçýan gaba meňzeýän bir orunlyk Zero aerotaksisiniň prototipini döretdi. Inženerler ony ýakyn üç-alty aýyň içinde adamly uçuryp başlarlar. Bu barada N+1-e salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Uçýan enjam teýlsitteriň, ýagny wertikal uçup bilýän ganatly dronuň çyzgysy boýunça ýasalan. Ol dikligine-de, uçar ýaly-da uçup bilýär. Munuň özi aerotaksi üçin juda oňaýly bolup, beýle ulaglar üçin kän bir uly uçuş meýdançasy gerek bolmaýar.

Bir orunlyk Zero taksisi diametri 2,4 metr we massasy 317 kilograma barabar diskden ybaratdyr. Onuň korpusy uglerod süýüminden ýasalýar. Gurluşyň öň tarapynda we arkasynda iki sany elektrikli nurbat bar. Şeýle hem ol kuwwaty 25 kilowat-sagat bolan batareýa bilen üpjün edilen. Zero 80 kilometr aralyga çenli uçup biler. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 257 kilometre barabar bolar.


düýn 09:37
1.5k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.1k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
868

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.6k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......