Türkmenistan Ženewada BSG agza bolmak üçin arzasyny tabşyrdy

  • 25.11.2021 08:58
  • 6.5k+

Düýn, 24-nji noýabrda Bütindünýä Söwda Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bu gurama agzalyga girmeginiň arzasyny resmi taýdan gowşurmak dabarasy geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň goly bolan haty BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili Atageldi Haljanow gowşurdy.
Bu arza BSG agza döwletler we synçylar tarapyndan Ženewada 2021-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda — dört ýyldan bäri ilkinji gezek geçiriljek 12-nji Ministrler maslahatynda (MC12) ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow çykyş eder. Munuň üçin ol geljek hepdede Şweýsariýa sapar bilen gider.
Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy derejesi berlipdi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......