Доля Apple на рынке смарт-часов по итогам квартала уменьшилась на 10%

  • 24.11.2021 14:51
  • 2.4k+

Şu ýylyň üçünji çärýeginde akylly sagatlaryň global üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16% ýokarlandy. Şeýle maglumatlary Counterpoint Research analitik kompaniýasynyň hünärmenleri ýetirýär diýip, www.ixbt.com habar berýär.

Galaxy Watch 4 seriýasynyň çykmagy bilen Samsung kompaniýasy çärýekleýin üpjünçiligiň iň ýokary derejesine ýetip, Apple-den aratapawudyny azaltdy we Huawei-den ikinji orny aldy. Akylly sagatlaryň bu seriýasy bilen günorta koreýaly öndüriji Tizen-iň deregine Android esasly Wear OS-y ulanyp, programma ekosistemasyny giňeltdi. Täze önüm iki görnüşde – esasy we klassyk görnüşlerde hödürlendi.

Dakylýan gurluşlar üçin operasion sistemalar barada aýdylanda, Wear OS öz ornuny berkitdi. Eger geçen çärýek ol smart-sagatlaryň bary-ýogy 4%-ine gurnalan bolsa, üçünji çärýekde onuň paýy 17%-e ýetdi. Apple watchOS-yň paýy ikinji çärýekdäki 28%-den üçünji çärýekde 22%-e çenli azaldy. 

Apple kompaniýasy henizem birinji orny eýeleýär, ýöne onuň paýy ýyllyk aňlatmasynda 10% azaldy. Üçünji orunda Amazfit ýerleşýär. 

Analitikler bu çärýegiň esasy wakalaryna hindi brendleriniň çalt ösüşini degişli edýärler. Hindistanyň bazarynda birinji we ikinji orunlary eýeleýän Noise we boAt akylly sagatlarynyň üpjünçilik möçberi geçen çärýekdäki satuw möçberinden iki esse ýokary boldy. 


19.05.2026 09:37
4.5k+

Первые защитные чехлы подтвердили дизайн iPhone 18 Pro и iPhone 18 Pro Max

В интернете появились изображения защитных чехлов для iPhone 18 Pro и iPhone 18 Pro Max, которые, как утверждается, уже прошли финальное согласование дизайна и повторяют контуры будущих смартфонов....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google возглавил рейтинг самых дорогих брендов мира: как выглядит первая «десятка»?

Компания Kantar опубликовала рейтинг BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026. В этом голу самым дорогим брендом мира стал Google, который впервые за четыре года обогнал Apple....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Продажи Xiaomi 17 приблизились к 5 млн устройств

Продажи серии Xiaomi 17 к 18-й неделе 2026 года приблизились к 5 млн устройств, однако показатели линейки остаются значительно ниже результатов iPhone 17 на китайском рынке....

03.05.2026 16:10
3k+

Выручка Apple достигла максимума: спрос на iPhone 17 оказался невообразимым

Apple сообщила о рекордных финансовых результатах за квартал, завершившийся в марте. И всё благодаря высокому спросу на новые iPhone 17....