Messi Liga 1-de ilkinji goluny tora girizdi

  • 22.11.2021 00:28
  • 9.7k+

Fransiýanyň çempionatynyň 14-nji tapgyrynda «PSŽ» «Nanty» 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşykda argentinaly ýyldyz Lionel Messi Liga 1-däki ilkinji goluny tora girizdi.

Ondan öň, oýunda Kilian Mbappe hem gol geçirdi, "Nantyň" oýunçysy Dennis Appia bolsa öz derwezesine gol geçirdi. Şeýle hem Keýlor Nawas 65-nji minutda gyzyl kartoçka alyp, oýundan çykaryldy. "Nantyň" ýeke-täk goluny Rendal Kolo Muani tora girizdi.
34 ýaşly Messi şu möwsümdäki ähli ýaryşlarda «PSŽ-de» dokuz gezek çykyş edip, dört gol geçirdi. Häzir parižliler 37 utuk toplap, sanawyň öňüni çekýärler.


düýn 17:19
5.4k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

düýn 13:23
7.3k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

07.07.2025 18:12
7.9k+

Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi...

07.07.2025 10:47
3.2k+

Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy

Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar...