В Посольстве Туркменистана прошел брифинг, посвященный 30-летию Независимости

  • 21.11.2021 08:27
  • 5.4k+

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli  Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan brifing geçirildi. Baş baýramymyza bagyşlanyp ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda açylyp, ulanylmaga berlen senagat we durmuş maksatly iri desgalar bilen tanyşlyk çäräniň esasy özenini düzdi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň cis.minsk.by internet saýtynda maglumat berilýär.

Belarusda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärlerini, Arkalaşyga agza döwletleriň GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekillerini, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärlerini hem-de žurnalistleri bir ýere jemlän brifingde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew çykyş edip, geçen taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berlen täze desgalaryň gurluşyklary barada jikme-jik gürrüň berdi. 

Türkmen diplomaty ýubileý ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda senagat-önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň ençemesiniň açylandygyny belläp, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde düýbi tutulan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň, Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň, Kaka we Babadaýhan etraplarynda işe girizilen häzirki zaman dokma toplumlarynyň... gurluşyklaryny anyk mysallar hökmünde görkezdi. Brifinge gatnaşyjylar bu desgalaryň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyrýan wideoşekilleri hem synladylar.

Çäräniň myhmanlary türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň önümlerini görkezýän we häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşlerini fotosuratlarda beýan edýän sergä aýlanyp görmäge-de mümkinçilik aldylar. 


20.06.2026 11:41
3.8k+

Туркменистан и Малайзия закрепили договоренности соглашениями

По итогам переговоров в узком и расширенном составах президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов и премьер-министр Малайзии Анвар Ибрахим подписали совместное заявление, подтверждающее приверженность......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Прошли переговоры между президентом Туркменистана и премьер-министром Малайзии

19 июня в Ашхабаде состоялись двусторонние переговоры между президентом Туркменистана Сердаром Бердымухамедовым и премьер-министром Малайзии Анваром Ибрахимом, прибывшим накануне с официальным визитом. Об этом......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Посол Туркменистана в Малайзии назначен также послом в Брунее

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал указ о назначении посла Туркменистана в Малайзии Мухамметнияза Машалова одновременно чрезвычайным и полномочным послом Туркменистана в Государстве......

19.06.2026 08:05
3.7k+

Премьер-министр Малайзии прибыл с официальным визитом в Туркменистан

18 июня в Туркменистан с официальным визитом прибыл премьер-министр Малайзии Анвар Ибрахим. В рамках поездки в Ашхабаде запланированы переговоры, посвящённые дальнейшему развитию двустороннего сотрудничества,......