Berdimuhamedow Aşgabatda köpugurly işewür merkezli «Garagum» otelini açdy

  • 19.11.2021 20:23
  • 16k+

Şu gün, 19-njy noýabrda Aşgabatda köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň sentýabrynda badalga berildi.

A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň ýanynda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýynda gurlan täze myhmanhana — işewürlik toplumy özüniň täsin keşbi bilen tapawutlanýar. Onda gurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy ýörelgeler milli binagärligiň iň gowy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu taslamany durmuşa geçirmek ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän “Rönesans Holding” türk kompaniýasyna ynanyldy.

Oteliň ady bilen sazlaşyklylykda, onuň binagärliginde we bezeginde Türkmenistanyň täsin tebigy gymmatlyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň, onuň ajaýyp ýerleriniň keşbi öz beýanyny tapdy. Öz aralarynda sazlaşykly birleşdirilen toplumyň merkezi hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýada salýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa milli keşbi ýatladýar. Garagum sährasynyň çägeleriniň altynsow reňki oteli bezeýän aýnalarda hem öz beýanyny tapdy.

Ýedi gatdan ybarat, umumy meýdany 6,8 gektar bolan bu ajaýyp myhmanhanada ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň rahat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli   mümkinçilikler bar. Myhman otaglarynyň 87-sinde hem gelýän adamlary türkmen myhmansöýerligi bilen garşylamaga we hyzmat etmäge ähli şertler göz öňünde tutuldy. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän otelde myhmanlara amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 8 sany işewürlik merkezi, ak öý şekilinde gurlan 500 orunlyk toý zaly, 150 orunlyk restoran, mejlisler we maslahatlar zallary, dürli harytlary hödürleýän dükanlar bar. Mundan başga-da, binanyň düzüminde myhmanhananyň edara otaglary, bank hyzmatlaryny edýän bölümçe ýerleşýär.

Otele girenlerinde, myhmanlar, ilki bilen, ajaýyp bezegi bilen tapawutlanýan giň merkezi eýwana barýarlar. Binada  87 sany otag — 17-si standart, 8-si maşgala, 47-si lýuks, 15-si kaşaň lýuks otaglary ýerleşýär.  Olar jemi 204 orna niýetlenendir. Mundan başga-da, “Garagum” otelinde medeniýetli dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin degişli düzüm göz öňünde tutuldy.  Restoranlar, SPA bölümi, dürli trenažýorlar bilen enjamlaşdyrylan fitnes zaly, üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz, gözellik salony myhmanlaryň hyzmatyndadyr. Bu ýerde 500 orunlyk toý  mekany bar. Şeýle hem dükanlar, lukmançylyk nokady göz öňünde tutuldy.


düýn 11:24
4.3k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.9k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 15:47
9.7k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....