Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň sözüni yglan etdi

  • 19.11.2021 15:32
  • 6.4k+

Kembrij uniwersitetiniň iňlis dili sözlüginde "perseverance" ("tutanýerlilik") sözi 2021-nji ýylyň sözi hökmünde saýlanyldy. Bu barada Kembrij uniwersitetiniň web saýtyna salgylanyp, rbc.ru habar berdi.

Ýylyň sözüni sözlügiň ulanyjylary saýladylar. Ýagny olaryň sözlükden kynçylykly ýagdaýlara garamazdan bir zada ýetmek ýa-da bir zady amala aşyrmak üçin hemişelik ymtylyşy aňladýan "perseverance" sözüni has köp gözländikleri anyklanyldy.

“Perseverance" sözi şu ýyl sözlügiň saýtynda 243,000 gezek gözlenildi. <...> Bu NASA-nyň missiýasy bilen hem, pandemiýa bilen hem baglanyşykly bolup biler. 19-njy fewraldan 25-nji fewral aralygynda NASA-nyň Perseverance Rover marsohody Marsa gonanda gözlegleriň sany birden artyp, olaryň 30487-si hasaba alyndy"-diýip, Kembrij uniwersitetinde habar berildi.

Kembrij sözlügi her ýyl ulanyjylaryň iň köp gyzyklanýan sözüni kesgitleýär. 2020-nji ýylda "quarantine" ("karantin") sözi, 2019-njy ýylda bolsa "upcycling" (köne zatlary gaýtadan işlemek arkaly täze zatlar öndürmek) sözi ýylyň sözi hökmünde saýlanypdy.

düýn 14:07
3k+

Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär...

düýn 14:03
2.1k+

“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy

“Melgun Prada geýýär 2” filmi resmi taýdan surata düşürilip başlandy. Filmde öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp geldi. Şeýle-de, olaryň hataryna Kennet Brana goşuldy, ol Miranda Pristliniň adamsynyň keşbini ýerine ýetirer...

düýn 11:13
1.5k+

Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär...

düýn 00:55
922

YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 

YouTube gözlegiň netijelerine AI-niň döreden gysgaça mazmunyny goşýan täze funksiýany synap başlady. Ilkibaşda ol diňe ABŞ-daky ykjam enjamlarda YouTube Premium-yň ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Işledilende gözlegiň netijeleri esasy wideony, beýleki wideolaryň miniatýuralaryny we AI-niň döreden tekst synyny görkezýär...