Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly gepleşikleri geçirildi

  • 18.11.2021 20:17
  • 4.2k+

Şu gün, 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý-ýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki Işewürlik geňeşiniň, şeýle-de «Merkezi Aziýa-Koreýa» köptaraplaýyn formatyň çäklerindäki netijeli özara hereketleriniň ähmiýeti hem bellenildi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisiniň gün tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 11:41
255

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
287

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......