Rojer Federer Australian Open-2022 ýaryşyna gatnaşmaz

Rojer Federer Australian Open-2022 ýaryşyna gatnaşmaz

Şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer 2022-nji ýyldaky Australian Open ýaryşyna gatnaşmaz. Bu barada sportçynyň sözlerine salgylanyp, Le Matin habar berýär. Muny sport-express.ru ýetirýär.

Mundan ozal tennisçiniň tälimçisi hem Federeriň 2022-nji ýylyň gyşynda geçiriljek Australian Open ýaryşyny sypdyrmak ähtimallygynyň uludygyny aýdypdy.
Ýeri gelende bellesek, 40 ýaşly Federer 20 gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň ýeňijisi, Olimpiýa oýunlarynda ýekelikde kümüş medalyň eýesi (2012) we toparlaýyn ýaryşda Olimpiýa çempionydyr (2008).