Messi Goal.com tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy

  • 18.11.2021 16:24
  • 7k+

«PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi Goal.com tarapyndan 2021-nji ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Ýeňiji okyjylaryň ses bermegi esasynda kesgitlenildi. Ses berişlige 14 milliondan gowrak adam gatnaşdy. Onuň netijesine görä, Messi “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňe geçmegi başardy. Üçünji orunda bolsa “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski ýerleşdi.
Goal.com-a saýlamagy boýunça ýylyň iň gowy 10 oýunçysy şulardan ybarat:

  • Lionel Messi ("PSŽ", Argentina);
  • Kriştianu Ronaldu ("Mançester Ýunaýted", Portugaliýa);
  • Robert Lewandowski ("Bawariýa", Polşa);
  • Mohamed Salah ("Liwerpul", Müsür);
  • Kilian Mbappe ("PSŽ", Fransiýa);
  • Erling Holand ("Borussiýa", Norwegiýa);
  • Karim Benzema ("Real", Fransiýa);
  • Ngolo Kante ("Çelsi", Fransiýa);
  • Kewin De Bruýn ("Mançester Siti", Belgiýa);
  • Neýmar ("PSŽ", Braziliýa).

düýn 19:19
7.2k+

Ronaldu “Al-Nasr” bilen täze şertnamasy boýunça minutda 158 ýewro gazanar

Kriştianu Ronaldu “Al-Nasr” saud kluby bilen şertnamanyň ýene iki ýyla uzaldylandygyny habar berdi. Oýunçy sport taryhynda rekord teklipden ýüz öwrüp bilmedi. “Al-Nasra” geçenden soň, Ronaldu klub bilen ýekeje-de uly kubok gazanmady, diňe 2023-nji ýylda ýarym-ýoldaşlyk Arap çempionlarynyň kubogyny utdy...

düýn 14:05
5.5k+

“Liwerpul” ÇL-iň taryhynda klubuň iň ýaş oýunçysy bilen professional şertnama baglaşdy

“Liwerpul” häzire çenli Çempionlar ligasynda klub üçin çykyş eden iň ýaş oýunçy bolan Treýmoris Nýoni bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. 30-njy iýunda 18 ýaşyny dolduran güni ýarymgoragçy ilkinji professional şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik gazandy...

düýn 11:49
5.1k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “Real” “Ýuwentusy” utdy we çärýek finalda “Borussiýa” bilen oýnar

Madridiň “Realy” Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Turiniň “Ýuwentusyny” utdy. Oýun Maýamide geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 54-nji minutda Gonsalo Torres geçirdi. 1/4 finalda “Real” Meksikanyň “Monterreý” klubuny 1:2 hasabynda utan Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar...

01.07.2025 18:49
7.6k+

Give me Sport häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçysyny atlandyrdy

Give me Sport iňlis neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny “Barselonanyň” ispaniýaly wingeri Lamin Ýamal eýeledi. Ikinji orunda Usman Dembele (“PSŽ”) ýerleşdi...