Babadaýhan etrabynda ýurtda iri dokma toplumlarynyň biri açyldy

  • 18.11.2021 08:49
  • 10k+

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, täze dokma toplumynyň gurluşygyna türkmen Lideriniň 2018-nji ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda başlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti täze dokma toplumyny dabaraly ýagdaýda işe girizip, onuň önümçilik kuwwatlyklary bilen jikme-jik tanyşdy.

Babadaýhan dokma toplumy dört sany önümçilik birligini özünde jemleýär. Umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollary bolan täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär. Tutýan meýdany 20 gektar bolan döwrebap kärhanada işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin önümçilik binalaryndan başga-da, iki gatly edara binasy, dürli ammarlar, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk desgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, iki gatly, 16 orunlyk myhmanhanalaryň ikisi ýerleşýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak bu toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutany toplumyň ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül metr dürli görnüşli, şol sanda 18 million metr boýalan mata hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendigini aýtdy.

Soňra türkmen Lideri Belgiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň (ISO) bu günki dabara sanly ulgam arkaly goşulan wekilleriniň çykyşlaryny diňledi. Olar Babadaýhan dokma toplumynyň hil görkezijileriniň halkara talaplara laýyk gelýändigini ykrar edip, degişli güwänamalary gowşurdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna we wekillerine ýüzlenip, täze toplumyň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, eksport mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm orun eýelejekdigini, täze taryhy eýýamda ýerine ýetirilýän işleriň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň mynasyp derejede beýan edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.


11.06.2026 22:20
6.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....