“Car of the Year-2022” bäsleşiginiň finalçylary kesgitlendi

  • 16.11.2021 13:49
  • 7.6k+

57 ýyl bäri her ýyl geçirilýän “Ýewropada ýylyň awtomobili” (Car of the Year) bäsleşiginiň guramaçylary baýraga dalaşgärleriň sanawy bilen paýlaşdylar. Şu ýyl bu sanawa 39 model girizildi. Olardan ýedisi finala çykar. Olar 29-njy noýabrda belli ediler. Ýeňiji 2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda kesgitlener diýip, carsweek.ru habar berýär.

Her bir gatnaşyjynyň ykbalyny 23 döwletden 61 žurnalisti öz içine alýan emin agzalary çözer. Olaryň her biri ses berip, 25 baly modelleriň arasynda paýlarlar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, gatnaşyjylar şu ýylyň dowamynda Ýewropanyň azyndan bäş döwletinde satyn alyp boljak daşary ýurt awtoulaglary bolar. Ýewropanyň iň gowy awtomobili adyna dalaş edýänleriň sanawyna dürli awtomobiller goşuldy. Bu sanawda Ýewropa we Aziýa modelleri hem bar: Skoda Fabia, Opel Mokka, Cupra Born, Subaru Outback, Renault Arkana, Nissan Qashqai we Toyota Highlander. 

Käbir konsernler bäsleşige bir wagtyň özünde birnäçe awtomobilleri bilen gatnaşýarlar. Hususan-da, BMW özüniň dört modeliniň biri üçin baýragy almak isleýär: BMW i4, BMW iX, 2-Series Coupe, 2-Series Active Tourer. Volkswagen üç awtoulagyny hödürleýär: ID.4, Caddy we T7 Multivan. Mercedes-Benz hem gatnaşmak üçin üç modelini çykardy: C-Class, Citan we EQS.

Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylda “Car of the Year” adyny Toyota Yaris hetçbegi aldy. 

düýn 15:27
6.4k+

Hindistanda öndürilen wnedorožnik 406 tonnalyk otlyny ýerinden gozgady

JSW MG Motor India kompaniýasy özüniň MG Majestor wnedorožniginiň 406 tonnadan gowrak agramy bolan demir ýol düzümini ýerinden gozgap, dünýä rekordyny goýandygyny yglan etdi....

düýn 11:10
2.8k+

Ikölçegli illýuziýa: Renault el bilen çekilen ýaly görünýän awtoulagy çykardy

Renault kompaniýasy amerikan suratkeşi Joşua Waýdes bilen hyzmatdaşlykda Twingo E-Tech Electric elektrik ulagynyň üýtgeşik görnüşini görkezdi. Grafik eskiz stilinde dizaýn edilen awtoulag brendiň täze sungat......

düýn 07:14
1.8k+

Ford awtoulagy meteostansiýa öwürýän tehnologiýany patentledi

Ford kompaniýasy brendiň geljekki modellerine howany takyk çaklamaga mümkinçilik berjek howa şertlerini kesgitleýji innowasion ulgam üçin patent aldy. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda berlen patent resmi taýdan......

16.04.2026 19:09
12k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....