Pýotr Ýan islendik agramda MakGregor bilen söweşmäge taýýardygyny mälim etdi

  • 16.11.2021 09:28
  • 16k+

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) russiýaly söweşijisi Pýotr Ýan Twitterde irlandiýaly Konor MakGregor bilen söweşmek isleýändigi barada ýazdy. Bu barada lenta.ru habar berdi.

Türgen onuň bilen islendik agram derejesinde we islendik formatda söweşmäge taýýardygyny aýtdy. “Konor, seniň näme diýmegi halaýanyňy hemmämiz bilýäris, ýöne gel, göni meselä geçeli. Gelmejegiňi anyk bilýärin"-diýip, Ýan belledi.
12-nji noýabrda MakGregor UFC-niň iň gowy urgy tehnikasyna eýe bolan söweşijileriniň reýtingi bilen ylalaşmady, onuň başyny Ýan çekýärdi. Ol Ýana gowy söweşiji diýip baha berdi, ýöne welin duşuşaýsalar, ony derbi-dagyn etjekdigini aýtdy.
30-njy oktýabrda Ýan eminleriň biragyzdan karary bilen amerikaly Kori Sandhageni ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn çempionynyň guşagyna eýe bolupdy.


şu gün 18:18
1.2k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......