Türkmen Lideri: «Adam özüniň Watanyň ykbalyna hemişe dahyllydygyny duýmalydyr»

Türkmen Lideri: «Adam özüniň Watanyň ykbalyna hemişe dahyllydygyny duýmalydyr»

«Hünär saýlamakda şu günki ýaş nesillere näme maslahat berersiňiz?»
Bu sowal türkiýeli žurnalist Ýusuf Erimiň türkmen Lideri bilen söhbetdeşlikde beren jemleýji sowaly boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, hünär saýlamak belli bir käriň inçeliklerini ele almaga ymtylýan ýaş adamyň gyzyklanmalary bilen baglanyşykly bolmalydyr. Kesbiňden kemal tapmak üçin işiňi söýmeli, şonda üstünlik hem geler. Elbetde, alyp barýan işiňe elmydama halkyň esasy işiniň bir bölegi hökmünde garamaly. Adam özüniň Watanyň ykbalyna hemişe dahyllydygyny duýmalydyr.

«Adam hemişe durmuşda öz mynasyp ornuny tapmak üçin saýlap alan hünäriniň inçeliklerini ele almaga ymtylmalydyr. Hünär derejesini kämilleşdirmäge çalyşmalydyr. Öz saýlap alan kärine wepaly bolup, hünär ussatlygyny artdyrmaga çalyşýan adam at-abraý hem gazanar. Ilkinji nobatda, öz ýüregiňe ýakyn hünäri saýlamaly. Ony ýokary derejede ele almaga çalyşmaly. Ussat hünärmen bolup ýetişmek üçin hemişe köp okamaly, öwrenmeli, kämilleşmeli. Şoňa görä-de, öz zehiniňe, ukyp-başarnygyňa görä hünär saýlamagy esasy meseleleriň biri hasaplaýaryn» diýip, türkmen Lideri sözüni jemledi.