Indoneziýada «Altyn ada» ýüze çykaryldy

Indoneziýada «Altyn ada» ýüze çykaryldy

Arheologlar Indoneziýadaky Palembang şäheriniň golaýynda Musi derýasynyň düýbünden köp sanly altyndan ýasalan esbaplary tapdylar. Bu barada Live Science-e salgylanyp, vokrugsveta.ru habar berdi.

Derýanyň düýbünden tapylan gadymy tapyndylaryň arasynda altyn halkalar we lagyl gaşly ýüzükler, teňňeler, ýüzlerçe heýkeljikler, şeýle hem hytaý keramikasy, ybadathana jaňy, aýna bölekleri, altyndan ýasalan gylyç sapy, çakyr küýzeleri we tawus şekilindäki fleýtalar bar.

Gözlegçiler rowaýatlarda agzalýan "Altyn adany" tapandyklaryna ynanýarlar. "Altyn ada" gadymy Malaý Patyşalygy Şriwijaýanyň baý we kuwwatly porty bolupdyr. Onuň paýtagty bolsa Sumatra adasyndaky Palembang şäheri bolan eken.

Şriwijaýa hakda häzire çenli gaty az maglumat saklanyp galypdyr. Musi derýasynyň bu şäher-döwletiň syrlaryna eýedigi ilkinji gezek 2011-nji ýylda, gurluşyk üçin derýadan gum gazylyp başlananda ýüze çykaryldy. Gumdan gadymy esbaplar - artefaktlar tapyldy. Köp tapyndylar soňrak ýerli ilat tarapyndan gara bazara çykaryldy diýip, çeşme belleýär.