Kosta-Rika ilkinji bolup çagalar üçin COVID-19-a garşy hökmany sanjym girizdi

Kosta-Rika ilkinji bolup çagalar üçin COVID-19-a garşy hökmany sanjym girizdi

Kosta-Rika bäş-on bir ýaşly çagalar üçin koronawirusa garşy hökmany sanjymy girizen ilkinji ýurt boldy. Bu barada ýerli Saglygy goraýyş ministrliginiň saýtynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

“Çagalaryň we ýetginjekleriň bähbitlerini has gowy üpjün etmek ýörelgelerine laýyklykda, Sanjym we epidemiologiýa boýunça milli komissiýa kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ählisi üçin koronawirusa garşy sanjym etmegiň hökmany bolýandygyny karar etdi” – diýip, edara belleýär.

Kosta-Rikada kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin garamyk keseline, poliomielite, şeýle-de adamyň papilloma wirusyna garşy sanjymlar hökmanydyr. Indi bu sanawa COVID-19-a garşy sanjym hem goşuldy.

Ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň belleýşi ýaly, Kosta-Rikadaky 12-19 ýaşly ýetginjekleriň 73 göterimi, iň bolmanda, bir komponent bilen sanjym aldy. Has kiçi ýaşdaky çagalara sanjym etmek üçin häkimiýetler Pfizer kompaniýasyndan tas dört million dozada derman serişdesini satyn alarlar. Sanjym işi 2022-nji ýylyň mart aýyndan başlanar.