Ýaponiýada pandemiýa sebäpli maşgalalara her bir çaga üçin 880 dollardan tölener

  • 07.11.2021 09:46
  • 10k+

Ýaponiýanyň hökümeti pandemiýa şertlerinde ilata goldaw bermek maksady bilen maşgalalara 18 ýaşdan kiçi her bir çaga üçin, takmynan, 880 dollar möçberinde kömek puluny bermek kararyna geldi. Bu barada “Yomiuri” gazeti habar berýär diýip, inforos.ru belleýär.

Bellenilişi ýaly, bu bir gezeklik tölegler girdejileriniň derejesine garamazdan, çagaly maşgalalaryň ählisine degişlidir. Täze maliýe kömegi bukjasy barada resmi taýdan 19-njy noýabrda mälim ediler diýip, neşir belleýär.

Mundan başga-da, ýapon häkimiýetleri ýurduň her bir ýaşaýjysyna 265 dollar mukdarda bal bermek mümkinçiligini gözden geçirýärler. Ýagny, gürrüň şahsyýet belgileriniň döwlet ulgamy barada gidýär, onda bal arkaly dürli harytlar we hyzmatlar üçin töläp bolýar. 

2020-nji ýylda Ýaponiýanyň her bir ýaşaýjysy we ýurtda ýaşaýan her bir daşary ýurtly üçin 100 müň ýen möçberinde kömek puly tölendi.


17.04.2026 16:25
3.6k+

Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”......

16.04.2026 18:02
4k+

Ýapon blokbasteri «Godzilla: Minus nol» filminiň ilkinji tizeri çykdy

Internetde «Godzilla: Minus nol» filminiň resmi tizeri peýda boldy. Bu film 2023-nji ýyldaky uly meşhurlyk gazanan blokbasteriň göni dowamy bolup, ol şu ýylyň noýabr aýynda halkara prokatyna çykmaga......

14.04.2026 16:19
1.7k+

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......

07.04.2026 14:25
5.7k+

Ýaponiýa iş wizalaryny almak üçin täze talaplary girizýär

Ýaponiýanyň hökümeti inžener, halkara hyzmatlary boýunça hünärmen we ynsanperwer ylymlary pudagyndaky wiza almak isleýänlerden ýapon dilini bilýändigi barada resmi tassyknamany talap etmek barada karar kabul......