Eýran kompaniýasy Türkmenistana awtoulaglary eksport etmäge taýýar

  • 04.11.2021 07:56
  • 31k+

Eýranyň «Iran Khodro Industrial Group» awtomobil gurluşygy kompaniýasynyň Baş direktory Farşad Mogimi ýangyjyň iki görnüşi boýunça işleýän awtoulaglary türkmen bazaryna eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu ulaglar hem benzin, hem gysylan tebigy gaz-metan arkaly hereket etmäge ukyplydyr. Bu barada orient.tm habar berýär. 

Tähranda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysy Guwançmyrat Akmämmedow bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda Mogimi awtomobil önümçiligi boýunça dürli görnüşli eýran harytlarynyň, şol sanda hususy we ýeňil awtoulaglaryň önümçiliginiň harytlary Türkmenistana satuwdan soňky hyzmatlar bilen bilelikde hödürlemäge mümkinçilik berýändigini belledi.

«Iran Khodro Industrial Group» kompaniýasynyň ýolbaşçysy şeýle-de türkmen bazaryna awtobuslary eksport etmäge taýýardygyny, bu işleri ýakyn wagtda amala aşyrmagyň mümkin boljakdygyny hem aýtdy. 


düýn 15:54
962

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.2k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
7.9k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.6k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......