WhatsApp müňlerçe smartfonda işlemegini bes etdi

WhatsApp müňlerçe smartfonda işlemegini bes etdi

Ýakynda WhatsApp messenjeri käbir köne smartfonlarda işlemegini bes etdi. Bu barada gazeta.ru habar berdi. 

Programmanyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, indi WhatsApp 4.1 Android-den we iOS 10-dan pes wersiýaly enjamlarda goldanmaz. Täze talap 1-nji noýabrdan başlap güýje girdi.  Meşhur habarlaşma programmasy indi 43 sany smartfon modelinde işlemegini bes eder.
Ozal WhatsApp-da onuň birnäçe enjamda ulanylmagyny aňsatlaşdyrýan täzelikleriň boljakdygy habar berlipdi. Bu aýratynlyklaryň käbiri uzak wagtlap diňe mobil wersiýalarda elýeterli boldy.