Antonio Konte «Tottenhemiň» täze baş tälimçisi boldy

  • 03.11.2021 08:41
  • 5.1k+

«Tottenhem» Antonio Konteni klubuň baş tälimçisi edip belledi. Bu barada degişli maglumat Twitterde habar berildi.

52 ýaşly hünärmen klub bilen 2023-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi hem bar.
1-nji noýabrda «Tottenhem» şu ýylyň iýul aýyndan bäri kluba tälimçilik edip gelen portugaliýaly hünärmen Nunu Eşpiritu Santuny wezipesinden boşatdy. Angliýanyň Premýer ligasynda londonlylar 10 oýundan soň 15 utuk toplap, 8-nji ýerde ýerleşdiler.
Mundan öň, Konte «Interiň» baş tälimçisi bolup işläpdi. Ol klubdan şu ýylyň maýynda gaýtdy. Konteniň ýolbaşçylygynda milanlylar geçen möwsümde Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandylar.


düýn 18:26
2.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:46
4.3k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 10:10
6.1k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.7k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......