SAMF Jiddada Lego-dan F1-iň ulagyny gurup, täze dünýä rekordyny goýdy

  • 31.10.2021 23:25
  • 4.3k+

SAMF Lego-dan dünýädäki iň uly Formula-1 ulagynyň modelini gurup, täze dünýä rekordyny goýdy. Täze rekord Ginnesiň rekordlar kitabynda resmi taýdan hasaba alyndy. Bu gurluş üçin 504 202 element ulanyldy diýip, car.ru habar berýär.

SAMF – Saud Arabystanynyň awtomobil we motosikl federasiýasydyr. Bu federasiýa şu ýylyň 5-nji dekabrynda başlamaly Saud Arabystanynyň Gran-prisiniň resmi promouteri bolup durýar.

Awtomobil doly derejede Lego böleklerinden guruldy. Ol diňe bir jikme-jik ýerine ýetirilişi bilen däl, eýsem göwrümi bilen hem haýran galdyrýar. Ýeri gelende aýtsak, kuzowyň uzynlygy 571 sm, ini 204,8 sm, beýikligi 107,2 sm. Mundan öň rekord 2017-nji ýylda şeýle elementlerden Ferrari SF70H awtomobili ýygnalanda goýuldy. Şonda taslama 350 000 bölek gatnaşdy.

Häzirki wagtda Saud Arabystanynda gurlan awtomobil Jidda şäherinde Red Sea Mall binasynda ekspozisiýa görnüşinde goýuldy. Ony döredijileriň haýsydyr bir ulaga takyk meňzeşligi döretmegi däl-de, täze dünýä rekordyny goýmagy maksat edinendikleri mälimdir.

Belläp geçsek, ýurduň ilatyna modeli gurmak üçin ulanylan elementleri öňünden satyn almak teklip edildi, alnan girdeji bolsa Ehsan milli haýyr-sahawat gaznasyna geçirildi. Şeýlelik bilen, gurluşyň her bir elementiniň diýen ýaly öz eýesi bar. Model ýaşyl reňkde bolup, bu ýurduň milli baýdagynyň reňkidir. Gurluşyň iň soňky elementini hem SAMF-iň prezidenti, şazada Halid Bin Sultan Al-Faýsalyň özi goýdy.


19.06.2026 19:49
4.7k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....