Balkanlylar 50 müň gektara güýzlük bugdaýy ekdiler

  • 30.10.2021 03:43
  • 2.9k+

Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlary ekiş möwsümini tamamladylar. Bu sebitde geljek ýylyň hasyly üçin 50 müň gektar ýerden 80 müň tonna bugdaý ýygnap almak meýilleşdirilýär.

Hazarýaka sebitiň zähmetsöýer ekerançylary ekişi bellenilen möhletde we ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen geçirdiler. Şonuň bilen birlikde gögeriş alnan ýerlere ideg etmek, olary mineral dökünler bilen gurplandyrmak hem-de ekine öz wagtynda ösüş suwuny tutmak boýunça guramaçylykly işler alnyp barylýar. Maýsalaryň peýda bolmagy geljekki hasyl babatda oňaýly çaklamalary aýtmaga esas berýär.

Meýdanlary jogapkärli möwsüme taýýarlamakda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň oba hojalyk tehnikalarynyň işjeň ulanylmagy netijesinde daýhanlar ekiş üçin niýetlenen ýerleri ýokary hilli işläp taýýarladylar.


14.02.2026 12:09
22k+

Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda, anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi...

14.02.2026 12:04
14k+

Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherleriniň häkimleri täzelendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda welaýat merkezi bolan şäherleriň häkimlerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda: Kakageldi Atajanowiç Saryýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy...

23.01.2026 11:04
1k+

Aşgabatda geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda ylalaşyklara gol çekildi

22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi...

22.01.2026 14:49
1.5k+

Türkmenistan we FAO 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny maslahatlaşdylar

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy...