Hytaýda täze aşa beýik binalaryň gurluşygyna çäklendirmeler girizildi

Hytaýda täze aşa beýik binalaryň gurluşygyna çäklendirmeler girizildi

Hytaý hökümeti täze aşa beýik binalaryň gurluşygyna birnäçe berk çäklendirmeleri girizdi. Bu barada TASS-a salgylanyp, 24.kz habar berýär.

HHR-iň häkimiýetleri 3 milliona golaý ilaty bolan şäherlerde 250 metrden beýik täze binalary gurmagy gadagan edýärler. 150 metrden ýokary binalaryň gurluşygy hem bu ilat nokatlarynda ýerli häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilikde saklanmalydyr.

3 milliondan gowrak ilaty bolan şäherlerde 500 metrden beýik binany gurmak gadagan edilýär, şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilik 250 metrden ýokary binalara degişli bolar. 

Şeýle-de, taryhy ýerlerde, medeni miras obýektleriniň ýanynda we hereketiň ýokary derejede bolan sebitlerinde beýik binalary gurmak gadagan edildi.