BMG: asyryň ortalaryna çenli Aziýa daglardaky buzuň 40 %-ini ýitirip biler

BMG: asyryň ortalaryna çenli Aziýa daglardaky buzuň 40 %-ini ýitirip biler

Aziýa 2050-nji ýyla çenli howanyň gyzmagy sebäpli dag buzluklarynyň 20-den 40 göterimine çenli bölegini ýitirip biler we bu gönüden-göni 750 milliona golaý adamyň durmuşyna täsir eder. Şeýle çaklama Bütindünýä meteorologiýa guramasy (BMG) tarapyndan birnäçe hyzmatdaşlar bilen bilelikde taýýarlanylyp, Ženewada neşir edilen hasabatda saklanýar. Bu barada TASS habar berýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, 2020-nji ýyl Aziýada howa we klimata yzygiderli gözegçiligiň dowamynda iň yssy ýyl boldy. Şol ýyl ortaça temperatura 1981-2010-njy ýyldaky görkezijilerden Selsiý boýunça 1,39 gradus ýokary geçdi. BMG Aziýadaky buzluklaryň meýdanynyň, takmynan, 100 müň inedördül kilometrdigini we munuň Ýerdäki polýar sebitlerden daşary iň uly buz göwrümidigini belleýär. Buzluklar Aziýanyň 10 esasy derýasyny iýmitlendirýär.

2020-nji ýylda Ýuwaş, Hindi we Demirgazyk buzly ummanlarda suwuň üstki temperaturasy rekord derejede ýokary boldy. Aziýanyň deňiz akwatoriýalarynda we onuň töwereginde suwuň temperaturasy Ýerdäki ortaça depgine garanyňda, has ýokary depgin bilen ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde, Demirgazyk buzly ummanyň käbir sebitlerinde we Arap deňzinde bu ösüş dünýädäki ortaça depginden üç esse ýokary geçýär. BMG “klimat üýtgemeleriniň gyzgyn nokady” hökmünde Barens deňzini belleýär we Arktikadaky deňiz buzlarynyň azalmagynyň “ummanyň hasam gyzmagyna” getirýändigine ünsi çekýär. Buzuň eremegi umman derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Hindi ummanynyň demirgazyk böleginde we Ýuwaş ummanyň demirgazyk-günbatarynda suwuň derejesi 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dünýädäki ýylda 3,3 mm bolan ortaça depginden has çalt ýokarlanýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylda Aziýada suw joşgunlary we tupanlar sebäpli 50 mln adam zyýan çekdi. Bu betbagtçylyklar 5 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna getirdi. Hytaýda maddy zyýan, takmynan, 238 mlrd dollar, Hindistanda 87 mlrd dollar, Ýaponiýada 83 mlrd dollar boldy. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, 2020-nji ýylda Günorta Aziýada 305,7 mln, Günorta-Gündogar Aziýada 48,8 mln, Günbatar Aziýada 42,3 mln adam kem iýmitlenmek bilen ýüzbe-ýüz boldy.