Uffisi galereýasy dünýäniň iň gowy muzeýi boldy

  • 26.10.2021 23:56
  • 2.3k+

Uffisi galereýasy medeniýet we dynç alyş barada “TimeOut” britan žurnalynyň soňky reýtingine görä, dünýäniň iň gowy muzeýi diýlip kesgitlendi. Reýting neşiriň saýtynda ýerleşdirildi diýip, Regnum habarlar agentligi habar berýär.

“Ekspozisiýalar giňeldilenden we sergi zallary täzelenenden soň, Uffisi köp asyrlyk ýygyndy etmek däbiniň esasynda gadymyýetden şu güne çenli doly sungat panoramasyny hödürleýär. Bu hem biziň muzeýimizi beýlekilerden tapawutlandyrýar” – diýip, galereýanyň metbugat gullugy onuň müdiri Aýke Şmidtiň sözlerini getirýär.

Reýtingi düzüjiler Uffisi galereýasynyň “hödürlenen ajaýyp eserleriniň örän täsin, haýran galdyryjy gözelligini” bellediler. Luwr ikinji orny eýeledi. Dünýäniň iň gowy muzeýleriniň üçlügini Nýu-Ýorkdaky Häzirkizaman sungat muzeýi (MoMa) jemledi. Reýtingi Seuldaky Milli häzirkizaman sungat muzeýi we Waşingtondaky Afrika-amerikan taryhynyň we medeniýetiniň milli muzeýi dowam etdirdi. Mundan başga-da, sanawda Gresiýanyň Akropol muzeýi, Sin Terrakota goşun muzeýi (Hytaý), Sankt-Peterburgdaky döwlet Ermitažy, Amsterdamdaky Reýksmuzeý we Londondaky Teýt galereýasy bar. 

Uffisi galereýasynyň metbugat gullugynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda muzeý 100% myhman, ýagny Uffiside bir wagtyň özünde 900-e golaý, Pitti köşgünde 450 we Boboli baglarynda 3 müňe golaý adamy kabul etmek tertibine dolandy. Şol bir wagtyň özünde girelgede kowid-şahadatnamasyny görkezmek, örtük dakynmak we bedeniň temperaturasyny barlamak hökmany bolup galýar. 

düýn 23:54
1.2k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
908

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....