Türkmenistan we Gazagystan ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekdiler

  • 25.10.2021 19:37
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşiklerinden soňra iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly bukjasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Mundan başga-da iki ýurduň hökümet agzalarynyň arasynda köp sanly ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň arasynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hereket edýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alşyp-berişmegi guramak boýunça Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystanyň Maglumat we jemgyýetçilik ösüş ministrliginiň arasynda maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystanyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň arasynda daşky gurşawy goramak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen Gazagystanyň Senagat we infrastrukturany ösdürmek ministrliginiň arasynda halkara awtoulag daşamalaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystanyň Senagat we infrastrukturany ösdürmek ministrliginiň arasynda ýükleriň we ýolagçylaryň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi barada özara düşünişmek  hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda durmuş-zähmet pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystanyň Oba hojalygy ministrliginiň arasynda oba hojalygynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we özgertmeler boýunça agentliginiň Milli statistika býurosynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Gazagystan demir ýollary” milli kompaniýasynyň arasynda demirýol ulaglary we konteýner daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri babatda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Al Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Al Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama.

11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......