Apple üçünji nesil AirPods simsiz gulaklyklaryny hödürledi

  • 21.10.2021 09:28
  • 3.6k+

Apple kompaniýasy AirPods simsiz gulaklyklarynyň üçünji neslini hödürledi. Tanyşdyrylyş dabarasy kompaniýanyň saýtynda onlaýn görnüşde geçirildi. Bu barada TASS habar berýär.

Üçünji nesil gulaklyklary has ýokary derejeli we gymmat modeli – AirPods Pro-ny ýada salýan täzelenen dizaýna eýe boldy. Täze gulaklyklar "giňişlik audiosy" funksiýasy bilen üpjün edildi. Olar suwuň düşmeginden hem goraglydyr. Öndürijileriň aýtmagyna görä, akkumulýatoryň işi alty sagatlap üznüksiz aýdym diňlemäge ýeterlikdir.

Apple täzelenen gulaklyklaryň has giň ýygylyk diapazonyna eýedigini we munuň olaryň ýaňlanmagyna oňyn täsir etjekdigini belleýär. 


düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....