Awstriýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli kabul edişlik guraldy

  • 21.10.2021 06:55
  • 3.4k+

Golaýda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmen-awstriýa jemgyýeti hem-de Wenanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Söwda öýi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi. Awstriýanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň agzalary, Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynyň professor-mugallymlary, bu ýurtda okaýan türkmen talyplarydyr žurnalistler dabaranyň myhmanlary boldular.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Awstriýadaky doly ygtyýarly wekili, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hem-de Wenanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Söwda öýüniň başlygynyň orunbasary çykyş edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmen tarapynyň wekili öz çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleridir ýeten sepgitlerine aýratyn ünsi çekdi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanyp, Türkmen-awstriýa jemgyýeti tarapyndan neşir edilen «Galkynysh» žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyşy hem guraldy. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň häzirki ösüşleri hakynda söz açýan wideoşekillere we «Galkynyş» türkmen-awstriýa orkestriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.


düýn 10:14
6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazadaky" Kongresler merkeziniň halkara maslahata taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kongresler merkezine baryp gördi. Bu ýerde awgust aýynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklar geçiriler...

09.07.2025 11:12
1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

09.07.2025 11:02
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

09.07.2025 10:18
4.8k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...