Ýewropada täze awtomobilleriň satuwy pese gaçdy

Ýewropada täze awtomobilleriň satuwy pese gaçdy

Ýewropada sentýabr aýynyň jemi boýunça ýeňil awtomobilleriň satuwy ep-esli azaldy, bu bolsa birnäçe iri konsernleri zawodlarynda önümçiligi wagtlaýyn togtatmaga mejbur etdi. Bu barada euronews.com habar berýär.

ACEA hökmünde belli bolan Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, geçen aý täze awtoulaglara bolan isleg 718 598 birlige çenli azaldy, bu 1995-nji ýyldan bäri sentýabr aýy üçin iň ýaramaz netije boldy.

Geçen ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende, täze hasaba alnan awtomobilleriň sany 23,1% azaldy. Ýewropanyň awtomobil bazaryndaky otrisatel dinamika eýýäm bassyr üçünji aý hasaba alynýar. ÝB-niň esasy bazarlarynyň ählisi iki belgili pese gaçyşy görkezýär. Hünärmenleriň maglumatlary boýunça, Italiýada satuw tas üçden birine golaý azaldy. Germaniýada ol 25%-den gowrak pese düşdi. Fransiýada 20,5%, Ispaniýada 15,7% azaldy.

Awtomobil bazarynyň pese gaçyşy, ilkinji nobatda, ýarym geçirijileriň we ätiýaçlyk şaýlarynyň global ýetmezçiligi sebäpli täze awtomobilleriň üpjünçiliginde bökdençlikleriň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu, esasanam, döwrebap multimediýa ulgamlary bolan has ýokary tehnologiýaly modellere täsirini ýetirýär. Ýewropa biznes assosiasiýasy awtomobil bazaryndaky negatiw trendiň ýene birnäçe aý saklanjakdygyny çaklaýar.